Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda ajalyna kaýyl raýat özüni partlatdy


Gazagystanyň resmileri şu gün irden janyndan geçen bir raýatyň ýurduň Aktýubinsk oblastynyň Milli howpsuzlyk komitetiniň jaýynda partlama amala aşyrandygyny habar berdiler.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat sekretary Žandos Umiraliýew bu janyndan geçen hüjümçiniň 25 ýaşly Makatow Rahimžan Orunbasaýewiçdigini aýtdy.

«Makatow Rahimžan Orunbasaýewiç jenaýat jogapkärçiliginden gaçyp gutulmak maksady bilen Aktýubinsk oblastynyň Milli howpsuzlyk komitetiniň jaýynda öz-özüni partlatdy» diýip, Žandos Umiraliýew şu gün žurnalistlere gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu wakada iki adam ýaralanypdyr.

Žandos Umiraliýew öz-özüni partladan Rahimžan Makatowa jenaýatçylykly bir toparyň düzüminde mundan ozal birnäçe agyr jenaýatlary amala aşyranlykda güman bildirilýändigini aýtdy.

Munuň özi Gazagystanda ajalyna kaýyl adamyň öz-özüni partlatmagy bilen baglanyşykly ilkinji wakadyr.
XS
SM
MD
LG