Sepleriň elýeterliligi

Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda şol wagtky ýurduň Ýokary Soweti, ýagny Parlamenti tarapyndan kabul edildi. Şondan bärem her ýylyň 18-nji maýynda ýurduň Baş kanunynyň güni baýram edilýär. Häzirki wagtda bu baýram türkmeniň akyldar şahyrynyň güni bilen birikdirilip, Galkynyş, Agzybirlik hem-de Magtymgulynyň şygryýet güni diýlip bellenilýär. Ýöne ýurdumyzyň Baş kanunyna bolan hormat gazanyldymy?! Şu soraga “Hawa“ diýip jogap bermek örän kyn.

Konstitusiýamyzyň kabul edilendigine ýaňy on dokuz ýyl bolandygyna seretmezden, oňa alty gezek düzediş girizilip, 2008-nji ýylyň sentýabrynda bolsa resmi taýdan Baş kanunymyzyň taze redaksiýasy neşir edildi diýilse hem, hakykatda, 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Konstitusiýamyzyň öňki bazasynda täze görnüşi kabul edildi, sebäbi täze Konstitusiýamyzda öňküden tapawutlylykda halkara kanunlaryna gabat gelmeýän S.Nyýazowy bikanun “ömürlik“ diýip yglan eden, merhum diktatoryň bikanunçylygyny resmileşdiren “Halk maslahaty“ diýilýän “kanun çykaryjy“ organ ýatyryldy, ol formal gurama öwrülip, onuň kanun çykaryjylyk hukugy Mejlise berildi. Hatda täze Konstitusiýamyza “Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna esaslanýar“ diýen ýaly oňyn maddalaram goşuldy, bu uly özgerişlikleri gutlamak gerek.

Konstitusiýamyzyň belli bir derejede kämilleşdirilendigine seretmezden, oňa bolan hormatyň artandygyny duýmak kyn. Türkmenistanda raýatlarymyzyň hukuklary döwlet emeldarlary tarapyndan aýakasty edilýär. Baş kanunymyzyň 44-nji maddasy döwlet emeldarlarynyň günäsi netijesinde raýatlara islendik zeper ýetirilen halatynda olaryň kazyýetiň üsti bilen özlerine ýetirilen maddy hem ahlak zyýanyň öwezini alyp biljekdigi kepillendirýär. Hakykat ýüzünde bolsa ýerine ýetiriji häkimiýete tabynlykdaky kazyýet raýatlaryň peýdasyna kanuny höküm çykaryp bilmeýär. Şeýlelikde, Konstitusiýamyzyň “Döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji hem-de kazyýet häkimiýetlerine bölünýär we biri-biri bilen sabyr-takatly işläp özbaşdak hereket edýär” diýen 4-nji maddasy hem kagyz ýüzünde galýar.

Raýatyň erkinligi

Konstitusion Suduň bolmazlygy raýatlarymyzyň pikirlerini erkin beýan etmeginiň öňüne böwet bolýar. Şonuň üçinem resmi propaganda raýatlara diňe mahabatlandyrma, durmuşdan üzňe informasiýany hödürleýär. Garaşsyz žurnalistlere, daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň sanaýmaly habarçylary ýa-da pikirini erkin beýan edýän adamlara henizem gyýa göz bilen garalýar.

Konstitusiýamyzda raýatlarymyzyň dynç almak, tölegli zähmet rugsatlary, çäklendirilen sekiz sagatlyk iş güni, mugt saglygyny bejertmek, ukubyna görä hünär almak hukuklaram kagyz ýüzünde ýazylan diýäýmeseň, iş ýüzünde berjaý edilmeýär.

Has dogrusy, Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasynda-da Konstitusion Suduň bolmazlygy ýurdumyzda adam hukuklarynyň aýakasty edilmeginiň baş sebäbir, çünki öňem belläp geçişim ýaly, kazyýet häkimiýeti raýatlaryň döwlet emeldarlary tarapyndan aýakasty edilen hukuklaryny dikeldip biljek hökümi çykaryp bilenok. Hatda prezidentiň karary bilen döredilen “Arza-şikaýatlar“ komissiýasynda hem raýatlarymyzyň arzalaryna kanagatlanarly jogap berilmeýändigi indi köplere belli.

Konstitusiýamyzda raýatlarymyzyň kepillendirilen hukugyny dikeltjek bolsak, Konstitusion Sud hökman döredilmelidir hem Nyýazowyň döwrüne adyl baha berlip, şu çaka çenli raýatlarymyzyň depelenen hukugy dikeldilip, diktatura syýasatyndan ejir çeken, nähak syýasatyň pidasy bolanlar derhal aklanmalydyr. Şu ýagdaýda raýatlarymyzyň Baş kanunymyza bolan hormaty artyp, olaryň ýüreklerinde Konstitusiýamyza bolan heýkeli dikeltjekdiklerine şek-şübhe bolmaz.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG