Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bakuwda Pyragynyň hormatyna medeni agşam geçiriler


Şu gün azeri paýtagty Bakuwdaky “Kawkaz” uniwersitetinde türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň hormatyna medeni agşam geçiriler. Bu barada “Trend” habar gullugy Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň metbugat wekili Bibisary Mämmedowa salgylanyp, habar berdi.

Şol dabara şu gün Türkmenistanda bellenýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet baýramçylygyna bagyşlanýar.

Bakuwdaky medeni agşama Azerbaýjanyň hökümet wekilleri, daşary ýurtly diplomatlar, Azerbaýjanyň ylym, medeniýet, sungat işgärleri we bu ýurtda okaýan türkmen studentleri gatnaşarlar.
XS
SM
MD
LG