Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ biznes geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi


Türkmen metbugatynyň habar bermegine görä, duşenbe güni prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ biznes geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Olar özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň etdiler.

Stýuart amerikan kompaniýalarynyň türkmen paýtagtyndaky sergisiniň açylyşyna we bilelikdäki biznes forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Stýuart amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistandaky iri taslamalara gatnaşmaga çalyşýandygyny aýtdy. Ol Amerikanyň “General Electric” we “Case” kompaniýalarynyň Aşgabatda öz wekilhanalaryny açmagynyň muňa mysaldygyny sözüne goşdy diýip, resmi media habar berdi.
XS
SM
MD
LG