Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýada bosgun türkmen psihiki sarsgyna sezewar bolupdyr


Türkmenistanly belli dissident we žurnalist Muhammetgeldi Berdiýewiň ogly Keýmir geçen hepde Şwesiýanyň häkimiýetleri tarapyndan ruhy hassahana ýerleşdirildi.

Muhammetgeldi Berdiýew 1990-njy ýyllaryň ortalarynda daşary ýurt habar beriş serişdeleri bilen bilen hyzmatdaşlyk edip başlapdy.

Berdiýew 2004-nji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” kitabyndaky käbir maglumatlaryň ogurlykdygyny aýdyp, Orsýetiň prokuraturasyna faktlary ýollapdy.

Şondan soň Muhammetgeldi Berdiýewe Moskwadaky kwartirasynda hüjüm edildi. Bu wakalardan soň, ol kiçi ogly Şanazar bilen Orsýeti terk edip, Gollandiýadan syýasy başpena aldy.

1978-nji ýylda doglan Keýmir Orsýetden syýasy başpena alyp bilmän, Şwesiýa barypdy.

Bir ýarym ýyla golaý wagta çeken seljermelerden soň, Şwesiýanyň immirgrasiýa sudy Keýmiri Türkmenistana deportasiýa etmek kararyny çykarypdy.

Keýmiriň inisi Şanazaryň aýtmagyna görä, ol Türkmenistana deportasiýa edilmek howpy sebäpli, psihiki sarsgyna sezewar bolupdyr.
XS
SM
MD
LG