Sepleriň elýeterliligi

Umarow Orsýeti “söweş meýdany” diýip atlandyrdy


Demirgazyk Kawkazdaky yslamçy söweşijileriň lideriniň aýtmagyna görä, Osama bin Ladeniň ölümi gazaplylygy togtadyp bilmez. Şeýle-de, Doku Umarow Orsýeti “söweş meýdany” diýip atlandyrdy.

Umarow Çeçenistanda we Demirgazyk Kawkazyň beýleki musulman regionlarynda “Kawkaz emirligini” gurmagy niýet edinýän söweşijilere baştutanlyk edýär.

Kavkazcenter.com websaýtynda ýerleşdirilen interwýusynda Umarow “söweş meýdanynyň diňe Çeçenistany ýa-da Kawkaz Emirligini däl, tutuş Orsýeti öz içine alýandygyny” aýdýar.
XS
SM
MD
LG