Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HFW-niň başlygynyň işden çekilmegine çagyryşlar artýar


Halkara walýuta fondunyň başlygyna wezipesinden çekilmegi üçin edilýän basyşlar barha artýar. Häzir Dominik Straus-Kan Nýu-Ýorkuň türmesinde saklanylýar.

62 ýaşly Dominik Straus-Kan Nýu-Ýork şäherindäki myhmanhanalaryň birinde myhmanhananyň bir hyzmatçysyny zorlamak synanyşygynda aýyplanylyp, geçen hepdäniň şenbe güni Nýu-Ýorkuň aeroportunda tussag edilipdi.

Straus-Kan özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Birleşen Ştatlarynyň maliýe ministri Timoti Geýtner Straus-Kanyň ýagdaýy barada şeýle diýdi: "Ol Halkara walýuta fonduny dolandyrar ýaly ýagdaýda däl. Meniň pikirimçe, Halkara walýuta fondunyň geňeşi resmi taýdan, geçiji döwür üçin, dolandyryjy direktoryň wezipesine birini bellemelidir.
XS
SM
MD
LG