Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew indiki saýlawa gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny aýtmady


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew nobatdaky prezidentlik saýlawlarynda öz kandidaturasyny ikinji möhlete goýup-goýmajakdygy barada bir zat aýtmakdan entek irdigini öňe sürdi. Emma ol munuň ýakyn wagtyň içinde aýan ediljekdigini hem sözüne goşdy.

"Saýlawlaryň öz kada-kanunlary bar. Men hem bu kada-kanunlary berjaý etmekçi. Eger-de şeýle beýanaty etmek kararyna gelsem, onda men muny ederin. Meniň ýakynda hytaýly kärdeşlerimize beren interwýumda hem aýdyşym ýaly, bu ýagdaý boýunça köp garaşmaly bolmaz” diýip, prezident Medwedew şu gün metbugat konferensiýasynda çykyş etdi.

Prezident Medwedew mundan üç ýyl töweregi ozal häkimiýet başyna geçenden soň, şu gün ilkinji gezek uly metbugat konferensiýasyny geçirdi. Bu metbugat konferensiýasyna 800 töweregi žurnalist akkreditasiýa edildi.
XS
SM
MD
LG