Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistanda barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edildi


Şu gün onlarça söweşiji Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm etdi. Üç sagada çeken çakynyşykda üç sany polisiýa işgäri öldi, başga-da bäşisi ýaralandy.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, söweşijilerden hem ýitgi bolupdyr. Ýöne olaryň sany barada takyk maglumat ýok.

Bu waka Haýber regionunyň serhedinde ýüze çykdy.

2-nji maýda Osama bin Laden amerikanyň ýörite güýçleri tarapyndan öldürlenden soň, “Talybana” we “Al-Kaýda” degişli söweşijiler Pakistandaky hüjümlerini ýaýbaňlandyrdylar.
XS
SM
MD
LG