Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat “RBK” media holdingine ynamyny ýitirdi


Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň duçar bolýan kynçylyklary barada “РБК daily” internet gazetinde ýerleşdirilen maglumatlar bilen bagly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi metbugat beýanatyny ýaýratdy.

Resmi Aşgabat Orsýetiň “RBK” media holdingine bolan ynamyny ýitirendigini aýdýar.

“РБК daily” özüniň “Türkmenistandaky MTS problemasy ýurduň ykdysadyýetine girmek isleýän potensial daşary ýurt inwestorlaryny ürküzýär” atly makalasynda Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurtdaky kanunçylyk esaslarynyň kemterligi, korrupsiýanyň ýokarylygy, şertnamalara birtaraplaýyn seredilmegi ýaly kynçylyklara duçar bolýandyklaryny belleýär.

“РБК daily” bu analizi Syýasy ekspertizalar institutynyň maglumatlaryna salgylanyp berýändigini ýazýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministligi bular ýaly aýyplamalaryň takyk delillere esaslanmaýandygyny öňe sürüp, olary manysyz diýip atlandyrdy.

“Bular ýaly myjabatlar özüniň esassyzdygy we hakykata asla gabat gelmeýändigi bilen tapawutlanýar. Türkmen tarapy MTS-iň bäş ýyllyk ylalaşygynyň möhleti tamamlanandygy üçin onuň işlerini togtadandygyny birnäçe gezek aýtdy” diýip, türkmen DIM-niň habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG