Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: janyndan geçeniň ilkinji hüjümi


Parlamanyň bolan ýerine polisiýa işgärleri ýygnandy, Aktobe, 17-nji maý.

Parlamanyň bolan ýerine polisiýa işgärleri ýygnandy, Aktobe, 17-nji maý.

Sişenbe güni Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe şäherinde janyndan geçen hüjümçi özüni partlatdy. Bu wakada azyndan ýene iki adama şikes ýetendigini ýurduň resmileri habar berýärler.

Resmi maglumata görä, bu partlamada janyndan geçen hüjümçiniň özünden başga hiç kim ölmändir. Bu Gazagystanda janyndan geçeniň amala aşyran ilkinji hüjümidir.

Sişenbe güni paýtagt Astana-da geçirilen metbugat konferensiýasynda ýurduň Baş prokuraturasy janyndan geçen hüjümçiniň 25 ýaşly Rahimžan Makatow atly biridigini mälim etdi.

Baş prokuraturanyň metbugat wekili Žandos Ömüralyýewiň aýtmagyna görä, bu terrorostik hüjüm däl. Ömüralyýewiň berýän maglumatlaryna görä, Makatow guramaçylykly jenaýat toparynyň wekili bolup, ol ençeme jenaýat işlerini amala aşyranlykda hem aýyplanylýar.

"Makatow öý şertlerinde ýasalan, pes derejedäki partlayjy serişdäni ulandy. Makatowyň özi bu partlamada öldi. Hüjümçiniň ýanyndaky duran iki adama hem şikes ýetdi. Olara medisina kömegi berildi” diýip, Ömüralyýew öz çykyşynda belledi.

Habar agentlikleri bu partlamada 32 ýaşly biznesmene şikes ýetendigi barada hem maglumat berdiler. Emma bu maglumaty tassyklamak başartmady.

Maglumat çäkli

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň Aktobedäki habarçysy Alima Abdyrowanyň berýän maglumatyna görä, bu waka ýerli wagt bilen 09:30-da amala aşyrlandan soň, polisiýa bu ýeriň daşyny bekläpdir.

Alima Abdyrowanyň aýtmagyna görä, polisiýa žurnalistleriň, şeýle-de syýasy we adam hukuklaryny goraýjy akitiwistleriň wakanyň bolan ýerinde alan suratlaryny olaryň fotoapparatlaryndan öçüripdir.

“Polisiýanyň ofiseri bu ýerde türgenleşik çäreseniň geçirildi, hiç hili partlama bolanok diýdi. Ol maňa bu wakany şeýle düşündirdi. Içeri işler ministrliginiň ýerli departamentiniň metbugat edarasy muňa dahylynyň ýokdugyny aýdýar” diýip, Abdyrowa aýdýar.

Ýerli taksi sürüjileriň aýtmagyna görä, olar ýerli wagt bilen sagat 10.00 töwereginde wakanyň bolan ýerinde üç sany tiz kömek ulagyny hem görüpdirler.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gezekli başlygy, Litwanyň daşary işler ministri Audronius Azubalis bu wakany “terrorçylyk akty” diýip atlandyryp, ony ýazgaryp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG