Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşaýan ýeriň nirede?


Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir adamyň gezmek hem ýaşamak erkinligini anyk kepillendirýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir adamyň gezmek hem ýaşamak erkinligini anyk kepillendirýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 26-njy maddasynda: “Her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin gezmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr“ diýlip, her bir adamyň gezmek hem ýaşamak erkinligi anyk kepillendirilipdir.

Dogry, Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet başyna gelmegi bilen, ýurdumyzyň serhet ýakalaryna propuskaly-rugsatnamaly barmak düzgüni ýatyryldy. Mundan daşary hem welaýatdan-welaýata, paýtagt şäher Aşgabada barlanda, raýatlaryň pasportyny barlap, adamlarymyzyň ondan-oňa gezmek hukugyny çäklendirmek bes edildi.

Ýöne, gynansagam, ýurdumyzda ýaşaýan ýeriňe ýazgy bolmak (propiska) düzgüniniň saklanyp galýandygy üçin, Aşgabada, welaýat merkezlerine, şäherlere şol ýerde dogulmadyk raýatlarymyzy ýazgy etmeýärler, ýazgy edäýselerem haýsydyr bir döwlet emeldarynyň ýönekeýje bir işgäriniň arada durmagy bilen, ýazgy edilýän raýatdan uly möçberde para alýandyklary hakynda maglumatlar bar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlan ýaşlar öz isleglerine görä ýa-da alan hünäriniň zerur gerek bolan ýerlerine ýazgylarynyň (propiskalarynyň) ýokdugy üçin işe alynmaýar. Has dogrusy, her bir okuwyny tamamlan ýaşlar diňe pasportynda görkezilen ýazgy boýunça işlemäge hakly. Bu bolsa hakykat ýüzünde ýurdumyzyň her bir ynsanynyň diňe doglan ýeriniň raýatydygyny subut edýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň raýaty diýlen düşünje formal güýje eýe bolup galýar.

Garaşsyzlyk ýyllarymyzda ýazgy bolmak düzgüniniň saklanyp galmagynyň netijesinde ýerlerde, esasanam, ýokary okuw mekdeplerinde kadrlar meselesiniň howply derejede ýitileşendigini, şonuň üçinem diňe ýazgysynyň bardygy üçin işe alnan pes hünärli kadrlaryň günäsi bilen işiň, ýaşlara berilýän ylmyň-bilimiň has peselendigini meniň bilen söhbetdeş bolan döwlet emeldarlarynyň birnäçesi boýun almaga mejbur boldular.

Hatda açyk aýtmasalaram, ýazgyda durmak düzgüniniň saklanyp galmagy “Sen pylan ýerli, pylan taýpaly“ diýen düşünjäni has berkidýär. Şeýdibem, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň 25, 26, 38, 43, 44-nji maddalary gödek depelenýär. Munuň üçin ýurdumyzda raýatlarymyzyň hukugyny aýagasty edýän ýazgyda durmak (propiska) düzgüniniň derhal ýatyrylmagyny gazanmaly.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG