Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýada tutulan gyrgyzyň sud işi soňa goýuldy


Indoneziýanyň sudy neşe gaçakçylygynda aýyplanýan gyrgyzystanly Jibek Sakeýewanyň garşysyna sud diňlenişigini gaýra süýşürdi.

Jalalabadly 21 ýaşly Sakeýewa geçen ýylyň oktýabr aýynda Indoneziýanyň halkara aeroportunda saklanypdy. Polisiýa onuň el goşlaryndan bir kilogram geroin tapdy.

Sakeýewa şol geroiniň özüniňki däldigini we ony Afrikadaky bir dostunyň Indoneziýa getirmegini sorandygyny aýdýar.

Prokurorlar suddan Sakeýewany 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi soraýarlar.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň resmisiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu sud diňlenişigi 19-njy maýa çenli gaýra süýşürildi. Sebabi dilmaç suduň jaýyna gelmedi.

Gyrgyzystanyň Indoneziýada diplomatik missiýasy ýok.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Sakeýewanyň meselesi barada 25-27-nji maýda gyrgyzystanyň daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýewiň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrliginiň resmileriniň Jakartada boljak duşuşygynda gürrüň ediler.
XS
SM
MD
LG