Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýanyň liderlerine garşy sanksiýa girizdi


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlar Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada we onuň alty sany egindeşine garşy gadaganlyklary girizdi. Bu çäre olaryň adam hukuklaryny bozýan hereketleri üçin ýola goýuldy.

Olara garşy girizilen bu gadaganlyklar prezident Barak Obamanyň arap dünýäsindäki protestler barada etjek çykyşyndan bir gün öň yglan edildi.

Ýewropa Bileleşiginiň diplomatynyň aýtmagyna görä, ÝB-niň hem Siriýa garşy sanksiýalarynyň möhletini uzaltmagyna garaşylýar.

Şweýsariýa siriýaly 13 sany ýokary derejeli resmilere garşy syýahat gadaganlyklaryny girizjekdigini we olaryň Şweýsariýadaky islendik hasabyny doňdurjakdygyny mälim etdi. Emma şol resmileriň arasynda prezident Başar al-Assad ýok.
XS
SM
MD
LG