Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Transhazar” Türkmenistanyň üns merkezinde


Hazaryň tebigy gazyny Ýewropa akdyrmagy göz öňünde tutýan “Nabukko” proýekti hem “Günorta koridor” proýektiniň bir bölegi bolup durýar.
Hazaryň tebigy gazyny Ýewropa akdyrmagy göz öňünde tutýan “Nabukko” proýekti hem “Günorta koridor” proýektiniň bir bölegi bolup durýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky birnäçe günüň dowamynda Özbegistana we onuň yzy bilen hem Rumyniýa sapar etdi. Rumyniýada geçirilen gepleşiklerde energiýa temasyna esasy üns berildi.

Berdimuhamedow Rumyniýada eden çykyşynda esasan hem Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşigini “Transhazar” gaz proýekti boýunça ylalaşyga gol goýmaga çagyrdy. Berdimuhamedowyň bu çykyşy Türkmenistanyň energiýa pudagyny köp ugurly etmek meselesinde nämäni aňladýar?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu mesele bilen gyzyklanyp, düýbi Kanadada ýerleşýän Karlton uniwersitetiniň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça departamentiniň professory Robert M. Katler bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Katler, gepleşigimize prezident Berdimuhamedowyň Rumyniýa eden sapary bilen başlasym gelýär. Ol şol saparynyň dowamynda Azerbaýjan bilen Ýewropa Bileleşigini “Transhazar” gaz proýekti boýunça ylalaşyga gol goýmaga çagyrdy. Siz bu çakylyga nähili baha berýärsiňiz?

Robert M. Katler: Bu meselä ençeme zadyň dahyly bar. Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandan uly möçberde gaz satyn almak boýunça syýasy karar kabul etmegine garaşýar.

ýerleşýän Karlton uniwersitetiniň Ýewropa we Ýewraziýa boýunça departamentiniň professory Robert M. Katler
Mälim bolşuna görä, iki ýyldan bäri Türkmenistan Orsýete her ýyl diňe 10 milliard kubometer gaz satyp gelýär. 10 milliard kubometrden azrak gaz hem her ýyl Eýrana satylýar we Türkmenistandan Hytaýa gaz akdyrjak turba-da guruldy. Haçanda ol doly güýjünde işläp başlanda, her ýyl Hytaýa akdyryljak türkmen gazynyň möçberi 30 milliard kubometr töweregi bolar. Netijede Ýewropa Bileleşigi türkmen gazyny satyn almak barada anyk ädim ätmese, Berdimuhamedow Yewropa satyljak gaz hakda aç-açan bir zat aýdyp bilmez. Sebäbi Berdimuhamedow Orsýetden alada edýär. Onuň hem sebäbi bar, ýagny Orsýetiň henizem syýasy we strategiki taýdan Türkmenistana we Berdimuhamedowyň režimine ýaramyz täsir ýetirmäge mümkinçiligi bar.

Berdimuhamedowyň Rumyniýa sapary barada aýtsak, bu saparyň dowamynda üç proýekt hakda gürrüň edilendigini ýatlasa bolar. Birinjiden, “AGRI” diýlen proýekt hakda gürrüň edilen bolmaly. Bu proýekt Azerbaýjany, Gürjüstany we Rumyniýany öz içine alýar. Bu göwrümi boýunça o diýen uly proýekt däl, ýagny biz her ýyl 8-10 milliard kubometr gaz akdyrmaga ukyply proýekt hakda gürrüň edýäris. Emma Berdimuhamedowy gyzyklandyrýan tema “Nabukko” bilen “Ak akym” proýektleridir.

“Ak akym” uly proýekt bolup, ol gurlan halatynda her ýyl 30 milliard kubometr gaz akdyrmaga mümkinçiligi bolar. Eger bu turba gurulsa, ol Gürjüstandan soňra Gara deňziň asty bilen geçip, gazy Rumyniýa gaz akdyrar. Bu proýekt gurulsa, Türkmenistanyň ony gaz bilen üpjün edere mümkinçiligi bar.

Häzirki döwürde “Ak akyma” hasam ähmiýet berilmegi mümkin, sebäbi Ýewropa Bileleşigi bu proýekt bilen gyzyklanyp başlady, şeýle-de bu proýekte bäsdeş diýlip hasaplanýan we Orsýet tarapyndan goldanylýan “Günorta akym” proýekti barada dürli kynçylyklar ýüze çykyp başlady. Sebäbi Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bu gazgeçirijini gurmak baradaky plany goýbolsun etdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň sözüňizden belli bolşuça, “Ak akym” proýekti “Nabukko” we “Transhazar” gaz proýektine alternatiw ýaly bolup eşidilýär, bu hakykatdan hem şeýlemi?

Robert M. Katler: Bu mundan üç ýyl ozal Pragada ylalaşylan we Ýewropanyň “Günorta koridor” gaz proýektine goşmaça diýlip hasaplanýan bir proyektdir. Şol proýekt “Nabukko” we “Ak akym” gaz geçirijilerini öz içine alýar.

Azatlyk Radiosy: “Nabukko” barada uzak wagtdan bäri gürrüň edilip gelinýär we siz “Ak akym” proýekti hakda hem gürrüň edýärsiňiz. Siziň pikiriňizçe, Türkmenistan bulardan haýsy bilen has köpräk gyzyklanýar?

Robert M. Katler: Türkmenistan olaryň ikisi bilenem gyzyklanýar, emma olaryň hiç biriniň hem durmuşa geçirilmeginde Aşgabadyň o diýen uly rol oýnamaga ýagdaýy ýok. Sebäbi bu Ýewropa Bileleşigi we oňa gatnaşýan beýleki toparlara degişli bir mesele. “Nabukko” gazgeçirijisiniň gurluşygynyň şu ýyl başlanjakdygy aýdylýardy. Soňra ol indiki ýyla galdyryldy. Geçen hepde hem onuň gurluşygynyň 2013-nji ýylda başlanmagyna garaşylýanlygy yglan edildi. Munuň sebäbi hem “Nabukko” proýektiniň şärikleriniň Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki gaz kompaniýasy SOCAR bilen “Şah deniz” gaz proýektiniň ikinji tapgyry hakda gepleşikleriň dowam etmegidir. Sebäbi Azerbaýjandan çykaryljak şol gazyň, “Nabukko”-ha däl, belki Türkiýäni, Gresiýany we Italiýany öz içine alýan beýleki turba akdyrylmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Azerbaýjan diňe bir şol turbalary gaz bilen üpjün edýän däl-de, eýse şol gazy Ýewropa satýan ýurt hem bolasy gelýär. Şunlukda geçen ýyl Azerbaýjan bu ugurda Türkiýe bilen gepleşikler geçirdi, soňunda ylalaşyga gelindi.

Azerbaýjan häzirki döwürde “Nabukko” bilen hem şeýle gepleşikler geçirýär, bu gepleşikleriň maksady Bakuwyn öz baýlyklaryna kontrollygyny has-da güýçlendirmek islegidir. Şol gepleşikler sebäpli “Nabukko” proýektiniň gurluşygy yza süýşürildi. Elbetde, “Nabukko” turbalaryny gaz bilen üpjün etjek iki sany başga çeşme hem bar. Türkmenistan olardan biri. Emma bu ýurt “Nabukko” proýekti ikinji tapgyra geçýänçä, bu ugurda aç-açan bir zat aýtmakdan çekiner.

Bilşiňiz ýaly, “Nabukko” iki tapgyrdan ybaratdyr. Ilkinji tapgyrda “Nabukko” turbalaryndan her ýyl 10-15 milliard kubometr gaz akdyrylmagy planlaşdyrylýar. Ikinji, ýagny soňky tapgyrda bolsa bu geçirijiden akdyrylýan gazyň möçberiniň her ýyl 31 milliard kubometre çykarylmagyna garaşylýar. Emma soňky döwürlerde Demirgazyk Yragyň hem şol turbadan akjak gaza goşant goşjakdygy barada gürrüň edilip başlandy. Bu gaz Kerkugyň töwereginde öndürilip, “Nabukko” arkaly Ýewropa akdyrylar.

Emma bu proýektiň başa barmagy üçin Demirgazyk Yragyň belli bir bölegini dolandyrýan kürt partiýalary bilen Yragyň merkezi hökümetiniň arasynda ylalaşyga gelinmegi zerur. Bu uly mesele bolup galýar, onuň sebäbi Kerkugyň statusy bilen bagly.

Netijede bu juda çylşyrymly bir mesele. Yragyň we Azerbaýjanyň “Nabukko” turbasyna goşjak goşandy anyklanýança, Türkmenistan “Nabukko” turbasy hakda anyk pozisiýa eýeläp bilmez. Sebäbi Orsýet regionda heniz hem güýçli. Orsýetiň howpsuzlyk gulluklary şübhesiz Türkmenistanyň döwlet düzümine ornaşan. Berdimuhamedow, elbetde, bu meselede öz syýasy howpsuzlygyna uly ähmiýet berýär. Onsoň ol islendik ädimi ätmezden ozal 20 gezek pikirlener. Şonuň üçin onuň bu mesele boýunça Brýussel ýaly, ünjüsiz syýasy beýanatlary ýaýratmaga mümkinçiligi ýok.

Azatlyk Radiosy: Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaz eksportyny köp ugurly etmäge isleginiň bardygyny aýdyp, emma haýsydyr bir proýekt hakda aç-açan gürrüň etmän gelýärdi, meselem, ol “Transhazar” we “Nabukko” ýaly proýektler hakda aç-açan gürrüň etmeýärdi, emma Rumyniýada eden çykyşy bilen bu ugurdaky pozisiýasyna birneme anyklyk girizdi. Eýse, onuň öz pozisiýasyny has anyklaşdyrmagynyň arkasynda näme sebäp bolup biler?

Robert M. Katler: Bu Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň gatnaşygynyň birneme gowulaşmagyna degişli bir meseledir. Siziň-de bilişiňiz ýaly, Azerbaýjanyň öňki prezidenti Geýdar Alyýew bilen Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyyazowyň arasynda şahsy dartgynlylyk bardy. Onuň sebäplerinden biri hem öňki Alyýewiň, Nyýazow bilen deňeşdirilende, günbatar metbugatyndaky ygtybarlylygynyň gowy hasaplanmagydy. Nyýazow bu ýagdaýy halamaýardy. Ol özüni Alyýewe edilýän hormata mynasyp saýýardy.

Netijede Azerbaýjanda häkimiýetiň Ylham Alyýewe we Türkmenistanda bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowa geçmegi bilen bu iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky dartgynlylyk soňlandy.

Ikinji mesele – bu iki ýurduň arasynda käbir gaz baýlyklarynyň eýeçiligi baradaky ylalaşmazlyklardyr. Türkmenistan tarapyndan “Serdar” we Azerbaýjan tarapyndan “Kepaz” diýlip atlandyrylýan şol baýlyklar Hazaryň ortasynda ýerleşýär. Häzirki döwürde bu iki ýurt serhet liniýasy baradaky meseläni asla gozgamazdan, şol baýlyklardan bilelikde peýdalanyp boljakdygyna göz ýetirip başladylar.

Eger ýadyňyzda bolsa, Norwegiýa bilen Beýik Britaniýa hem iki ýurduň serhet liniýasynyň ortasynda ýerleşýän energiýa baýlyklaryndan peýdalanmak üçin şeýle çözgüt tapypdylar. Aýtjak bolýan zadym, bu iki ýurt agzalýan etrapda, nämäniň haýsy ýurda degişlidigi baradaky soragy gozgaman, diňe proýektler boýunça ylalaşyga gol goýup işleşýärler. Ýagny, haýsy ýurduň serhedi nireden başlanýar diýlen mesele asla ylalaşyga girizilmeýär.

Häzirki döwürde Azerbaýjan bilen Türkmenistan hem şol usuldan peýdalanyp biljekdiklerine göz ýetirip başladylar. Bu barada geçen ýyl Bakuwda geçirilen ýygnakda gürrüň edildi. Şol ýygnakda eden çykyşynda Berdimuhamedow “Transhazar” gaz proýektiniň gurulmagy üçin diňe Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň ylalaşyga gelmeginiň ýeterlikdigini yglan edipdi.

Bu, elbetde, Orsýetdir Eýranyň pozisiýasyna gabat gelenok, olar Hazara degişli islendik proýektiň ähli hazarýaka ýurtlaryň razylygy bolmazdan, gurlup bilinmejegini aýdyp gelýärler. Emma meniň şu ýerde bir meselä ünsi çekesim gelýär. Orsýet bilen Eýranyň bu baradaky pozisiýasynyň iş ýüzünde we kanuny taýdan asla manysy ýok. Sebäbi Orsýet Hazar we onuň gyrasyndaky baýlyklary özleşdirmek işleri bilen uzak wagtdan bäri meşgullanyp gelýär. Diýmek, eger Hazarda edilmeli islendik iş boýunça ähli ýurtlaryň rugsady alynmaly diýlen meselä kanuny diýip baha bersek, onda Orsýetiň özi bu ugurda ençeme ýyldan bäri kanuny bozup gelýär.

Eger Hazarda amala aşyryljak islendik proýekt boýunça ähli ýurtlaryň rugsady alynmaly diýlen mesele kanuny bolsa, öz nobatynda Eýran hem bu kanuny bozup gelýär. Netijede “Transhazar” gaz proýektiniň gurulmagyna garşy hiç hili kanuny böwet ýok.

Türkmenistanyň prezidentiniň bu ugurda öz pozisiýasyny açyk beýan etmegi, elbetde, onuň hem Azerbaýjanyň we Gazagystanyň alyp barýan syýasaty ýaly Türkmenistanyň-da öz gaz eksportyny köp ugurly etmek baradaky tagallasyndan gelip çykýar. Sebäbi Türkmenistanyň howpsuzlygy onuň energiýa eksportynyň köp ugurly bolmagyna bagly. Ýagny, ýurduň howpsuzlygy onuň energiýa eksportynyň köp ugurly bolmagyny talap edýär.
XS
SM
MD
LG