Sepleriň elýeterliligi

Medwedew metbugat konferensiýasyny geçirdi


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ösen tehnika bilen enjamlaşdyrylan Moskwadaky Skolkowo merkezinde iki sagatdan gowrak wagtlap 800-den agdyk ýerli we daşary ýurt žurnalistleri üçin metbugat konferensiýasyny berdi.


Haçanda Medwedewden 2012-nji ýylyň martynda bolmaly prezidentlik saýlawlary barada soralanda, ol: “Bular ýaly karary yglan etmek üçin metbugat konferensiýasyndan başga ýygnanyşygyň zerur boljakdygyny” aýtdy.

Golaýda Medwedew hytaýly žurnalistlere beren interwýusynda bu mesele barada mümkingadar tiz wagtyň içinde karara geljekdigini nygtady.

“Elbetde, saýlaw žanrynyň öz kanunlary bar we menem şol kanunlara eýermekçi. Eger men şeýle beýanaty etmek kararyna gelsem, onda ederin. Ýakynda meniň hytaýly ýaranlarymyza beren interwýumda aýdyşym ýaly, indi kän garaşmaly bolmaz, ol beýanat tiz wagtda ediler” diýip, Orsýetiň prezidenti aýtdy.



Medwedew premýer-ministr Wladimir Putin bilen arasyna “tow duşendigini” inkär etdi: “Meniň kärdeşim we syýasy ýaranym Wladimir Putin bilen gatnaşyklarym bilelikde işleşýärler diýlip atlandyrylyşy ýaly däl. Ol 20 ýyl çemesi bäri dowam edýär. Biz biri-birimizi örän gowy bilýäris we gatnaşygymyz gowy” diýip, Medwedew belledi.

Şonuň ýaly-da ol ýurdy ösdürmek bilen bagly möhüm sowallarda Putin bilen bir meňzeş pikirleriniň we perspektiwalaýyn garaýyşlarynyň bardygyny sözüne goşdy. Ýöne ol Putin bilen her bir detal boýunça ylalaşmaýandyklaryny hem nygtady: “Biz strategiýa boýunça birek-birege ýakyn. Ýogsa, biz işleşip bilmezdik. Eger biz işleşip bilmesedik, onda syýasy partnýorlygymyz tamamlanardy we bu gün biz başga syýasy ýollarda bolardyk”.

Emma Medwedew ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda Putin bilen garaýyşlarynyň tapawutlanýandygyny hem aýtdy: “Döwrebaplaşdyrma barada aýdylanda, meniň pozisiýamyň premýer-ministriňkiden biraz tapawutly bolmagy mümkin. Sebäbi, meniň düşünişimçe, ol döwrebaplaşdyrmanyň ýuwaş, yzygiderli hereketdigine ynanýar. Emma, meniň pikirimçe, biziň döwrebaplaşdyrmany tiz, hiç bir ýitgisiz amala aşyrmaga şansymyz hem güýjümiz bar”.



Haçanda žurnalistleriň biri “Eger Mihail Hodorkowskiý türmeden boşadylsa, jemgyýet üçin howply bolarmy?” diýip soranda, prezident Medwedew: “Bu jemgyýet üçin hiç bir jähtden asla howply däl” diýip, gysgaça jogap berdi.

Orsýetiň prezidenti daşary gatnaşyklar barada durup, Moskwanyň ýadro ýaraglaryň arsenalyna garşylygyny güýçlendirjekdigini aýtdy. Medwedew, eger ABŞ bilen Ýewropada ýerleşdiriljek raketa galkany boýunça hyzmatdaşlyk babatda ylalaşmasalar, munuň “sowuk uruş eýýamyna dolanylmagyna getirmeginiň mümkindigini” duýdurdy.



“Haçanda bize “bu size garşy däl” diýlende, men ony maglumat hökmünde käbul edýärin. Emma sorag döredýän ýurtlaryň Orsýet ýaly mümkinçiliklere eýe däldigine we ýakyn ýyllarda eýe boljagynyň gümanadygyna düşünýärin. Adatça, Eýrany we beýleki döwletleri agzaýarlar. Olaryň bular ýaly mümkünçilikleri ýok. Diýmek, ol edilýän iş aslynda bize garşy bolmaly. Eger şeýle bolmasa, onda bizi hyzmatdaşlyga çagyryň ýa-da bu barada açyk aýdyň” diýip, prezident Medwedew 18-nji maýda Moskwada ýerli we daşary ýurt žurnalistleri üçin beren metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG