Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO güýçlerine garşy protest geçirildi


Şu gün Owganystanyň Takhar welaýatynyň Talokan şäherinde 200-den gowrak protestçi NATO güýçleriniň dört sany parahat ýaşaýjyny öldürendiklerini aýdyp, muňa gahar-gazap we protest bildirdiler.

Welaýatyň polisiýa edarasynyň başlygy Şah Jehan Nuri protestçileriň polisiýa edarasynyň jaýlaryna daş zyňyp hüjüm edendiklerini we polisiýanyň birnäçe jaýyny ýakandyklaryny aýtdy.

Owganystanyň hökümet resmileri düýn NATO güýçleriniň Talokan şäherinde geçiren hüjümlerine ölen dört adamdan azyndan üçüsiniň parahat ýaşaýjylardygyny aýdýarlar.

Emma NATO-nyň resmileri bu öldürilenleriň hemmesiniň ýaragly söweşijilerdigini öňe sürýärler.

Bu wakalaryň fonunda şu gün ýurduň Paktiýa welaýatynda talyp söweşijileriniň eden hüjüminde ýol-gurluşyk kompaniýasynyň işgärleriniň 35-siniň ölendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG