Sepleriň elýeterliligi

Daniýaly režissýor Kann kinofestiwalyna goýberilmedi


Şu gün daniýaly kino režissýory Lars won Traýer özünin Adolf Gitlere simpatiýa bildiriji garaýyşlary üçin halkara Kann kinofestiwalyna goýberilmedi.

Fransiýada geçýän halkara Kann kinofestiwalyny gurnaýjylar Lars won Traýeriň düýn Adolf Gitler barada aýdan garaýyşlary üçin onuň «persona non grata», ýagny, «islenilmeýän adam» diýlip yglan edilendigini mälim etdiler.

Bu barada ýaýradylan resmi beýanatda režissýor Lars won Traýeriň Gitler baradaky garaýyşlary «kabul ederliksiz, çydap bolmajak hem-de ynsanýetlik we rehimdarlyk ideýalaryna bütinleý garşy gelýän garaýyşlar» diýlip häsiýetlendirilipdir.

Daniýaly kino režissýory Lars won Traýer düýnki geçirilen metbugat konferensiýasynda «Gitler, elbetde, şeýle bir gowy adamlaryň hataryndan däl, ýöne men oňa-da düşünýän, we oňa az-owlak simpatiýa hem bildirýärin» diýipdi.
XS
SM
MD
LG