Sepleriň elýeterliligi

“Guantanamoda” saklanýan owgan özüni öldürdi


Şu gün Birleşen Ştatlaryň “Guantanamo” harby türmesinde saklanýan owganystanly bir tussagyň öz janyna kast edip ölendigi barada maglumat alyndy.

Birleşen Ştatlaryň resmileri bu ölen tussagyň adynyň Inýatullahdygyny aýtmak bilen çäklendiler.

Maglumata görä, ol şu gün irden tussaglaryň barlagy wagtynda türmäniň gezim edilýän meýdançasyndan öli tapylypdyr.

Inýatullah 2002-nji ýyldan bäri Guantanamo türmesinde ölen sekizinji tussagdyr.
XS
SM
MD
LG