Sepleriň elýeterliligi

Straus-Kan HWF-niň başlygy wezipesinden çekildi


Jynsy zorlukda aýyplanylyp Nýu-Ýorkda tussag edilen Halkara walýuta fondunyň başlygy Dominik Straus-Kan özüniň bu wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

Şu gün Halkara walýuta fondy bu baradaky karara Dominik Straus-Kanyň düýn gol çekendigini mälim etdi. Bu baradaky beýanatda Dominik Straus-Kan ýene-de nobatdaky gezek özüne jynsy zorlukda bildirilýän aýyplamalary ret edipdir.

Ol geçen şenbe güni Nýu-Ýorkdaky myhmanhalaryň birinde myhmanhananyň bir hyzmatçysyny zorlamaga synanyşyk edenlikde aýyplanylyp tussag edilipdi.

Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň käbir resmileri Halkara walýuta fondunyň başlygy wezipesine Ýewropadan täze bir wekiliň bellenilmelidigini öňe sürüp çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG