Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda türkmen-amerikan biznes forumy açyldy


Şu gün Aşgabatda Birleşen Ştatlaryň biznes kompaniýalarynyň sergisi hem-de türkmen-amerikan biznes forumy öz işine başlady.

Bu çärelere gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Jeffi Paýattyň we türkmen-amerikan işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli delegasiýa Türkmenistanyň paýtagtyna bardy diýlip, habar berilýär.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu amerikan delegasiýasynyň düzüminde iri amerikan kompaniýalaryndan 60-a golaýynyň wekilleriniň bardygyny habar berýär.

Maglumata görä, Aşgabadyň «Sergi köşgünde» gurnalan bu sergide Türkmenistanyň raýatlary bu kompaniýalaryň önümleri we hyzmatlary barada giňişleýin düşünje alarlar.
XS
SM
MD
LG