Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän amerikan kompaniýalarynyň iki günlük sergisi penşenbe güni öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy we Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan gurnalýan bu sergä Amerikanyň 60-a golaý kompaniýasy, şol sanda “ExxonMobil”, “General Electric”, “TxOil”, “Chevron”, “ConocoPhillips”, “The Boeing”, “Dell” ýaly belli kompaniýalary hem gatnaşýar.

Paýtagt Aşgabadyň Sergi köşgünde geçirilýän bu çäräniň dowamynda türkmen bazaryna girmäge isleg bildirýän we Türkmenistanda öňden bäri iş alyp barýan amerikan kompaniýalary özleriniň energiýa tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny, transport, aragatnaşyk, gurluşyk, oba-hojalygy ýaly pudaklara degişli harytlaryny görkezýärler.

Şeýle-de penşenbe güni Aşgabatda türkmen-amerikan biznes geňeşiniň nobatdaky maslahaty hem geçirildi. Bäşinji gezek geçirilýän bu maslahatyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ýangyç-energetika, transport, aragatnaşyk pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri üns merkezinde boldy diýlip, habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kompaniýalarynyň Aşgabatdaky sergisine we türkmen-amerikan biznes geňeşiniň maslahatyna gatnaşyjylara öz gutlagyny ýollady.



Bu çärelere gatnaşmak üçin Birleşen Ştatlaryň resmi delegasiýasy, şol sanda türkmen-amerikan biznes geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart hem Aşgabada geldi.

Türkmen prezidenti Berdimuhamedow Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň netijili hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtap, gatnaşyklary ösdürmäge isleg bildirýän ABŞ-nyň kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny mälim etdi.

Şu günki çäreleriň açylmagynyň öňüsyrasy, ýagny 17-nji maýda “РБК daily” internet gazeti özüniň “Türkmenistandaky MTS problemasy ýurduň ykdysadyýetine girmek isleýän potensial daşary ýurt inwestorlaryny ürküzýär” atly makalasynda Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurtdaky kanunçylyk esaslarynyň kemterligi, korrupsiýanyň ýokarylygy, şertnamalara birtaraplaýyn seredilmegi ýaly kynçylyklara duçar bolýandyklaryny belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministligi bolsa bu aýyplamalary gyssagly ýagdaýada ýalana çykaryp, olaryň takyk delillere esaslanmaýandygyny nygtady we bu maglumatlaryň manysyzdygyny öňe sürdi.

ABŞ-nyň biznes toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň käbir ministrliklerinde we edaralarynda hem gepleşikleri geçirýärler diýlip, habar berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG