Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Magtymguly hem Konstitusiýa güni


18-nji maýda Türkmenistanda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni baýram edildi.
18-nji maýda Türkmenistanda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni baýram edildi.
Türkmen mediasynyň aýdyşy ýaly, baýramlary goşa-goşadan gelýän bu ýurtda ýene bir şanly sene dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. 18-nji maýda Türkmenistanda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni baýram edildi.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň 19-njy maýdan 18-nji maýa süýşürilmeginiň şahyryň döredijiligini aýratyn bellemekde uly zeper berýändigi, onuň döredijilik baýramynyň syýasy wakalaryň içinde ýok bolup gidýändigi barada dürli pikirlere gabat gelinýär.

Şu ýylyň 18-nji maý dabaralaryna bagyşlanyp geçirilen çärelerden çen tutsaň, onda beýik akyldaryň hormatyna geçirilen çäreleriň sanawy juda peslärli hem däl. Ýurduň ähli mekdeplerinde diýen ýaly Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli edebiýat hepdelikleri geçirildi. Kitaphanalarda, muzeýlerde şahyryň döredijiligine bagyşlanan sergiler gurnaldy, edebiýat agşamlary geçirildi. 18-nji maý gününde bolsa Magtymgulynyň heýkeli bolan ýerlerde gül desseleri goýuldy.

15-16-njy maý aralygynda ýurduň döredijilik işgärlerinden düzülen delegasiýa Magtymguly Pyragynyň we onuň kakasy Döwletmämmet Azadynyň Eýranyň Gülüstan welaýatynda aram tapan ýerine däp bolan zyýaraty amala aşyrdy.

Magtymguly etrabynyň (Garrygala) Gerkez obasynda bolsa ýurduň bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň öz aralarynda şygyr bäsleşigi geçirildi. Däbe öwrülen bu bäsleşik eýýäm 2003-nji ýyldan bäri her ýyl şu döwürlerde geçirilýär.

Baýramçylyklara halk biperwaý garaýar

Maý aýy, umuman alanyňda, SSSR döwründe-de baýramçylyklara bol aý hasaplanýardy. Ol döwürler 1-nji maý dabarasyna ilat köpçüligi sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Şol gün adamlar köpçülikleýin çärelere höwes bilen çykardylar. Bu uly baýramçylykdan soň gelýän Ýeňiş güni bolsa şol döwürler wajyp baýramlaryň biri hökmünde bellenilip geçilerdi.

Göräýmege, daşyndan seretseň, Türkmenistanda bellenilýän çäredir dabaralaryň aňyrsy-bärsi ýok. Emma şol dabaralaryň düýp mazmuny, geçiş tertibi hakynda ilatyň bolaýsa 10 göteriminiň habary bardyr ýa-da ýokdur.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda döwlet derejesinde geçirilýän çäreleriň sanawy laýyk 100 diýlip metbugatda çap edilen-de bolsa, ilat köpçüligi ol çärelerden düýbünden üzňe ýagdaýda boldy. Diňe talyplar, hususan-da býujet edaralarynda işleýän adamlar bolaýmasa, ýurduň raýatlary döwlet derejesinde geçirilen şol çärelere düýbünden üns bermediler.

Munuň-da özüne ýetesi sebäbi bar. Ýurduň ilatynyň aglaba bölegi býujetden aýlyk alman, öz gara-güni bilen gezýär. Şonuň üçin olar çäre-beýlekä gatnaşmak hakda asla pikir hem etmeýär. Döwlet çäreleri bolsa, misli, diňe býujet edaralarynda zähmet çekýänler üçin niýetlenen ýaly.

Eger-de halkyň üýşen ýeri bolan bazarlara baryp, on adamdan maý aýynda ýurtda haýsy baýramçylyklaryň bellenýändigini sorasaň, onda bu sowala takyk jogap berip biläýjek bir adam ýa tapylar, ýa tapylmaz. Munuň özi ilatyň ýurtda bellenilip geçilýän dabaradyr çärelere asla biperwaý garaýandyklaryndan nyşandyr.

Şygryýet güni öňki güne gaýdyp getirilse

Eger Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýene ozalkysy ýaly 19-njy maýa süýşüriläýen ýagdaýynda, onda ol häzirki ýagdaýdan ýaramazlaşmasa, gowulaşmaz. Köpleriň göwün ýüwürdişi ýaly, 19-njy maý gününde edebi agşamlar geçirilip, diňe şygyr älemine çümülmez. Munuň-da sebäbi ýurtdaky ýaramaz ideologiýanyň netijesinde göýdükleşen intelligensiýanyň emele gelmegindedir. Bu göýdük şahyrlaryň SSSR döwründäki ýaly bäsleşikli döredijilik agşamlaryny geçirip, halkyň göwnünden turaýjak goşgulary hödürläp bilmejekligi aýandyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň syýasy çäreleriň içinde göze ilmän, ýitirim bolmagy senäniň bir gün eýläk ýa bir gün beýläk süýşürilip-süýşürilmezliginde däl-de, ideologiýanyň sagdyn ýoldan ýöremeýänligindedir.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG