Sepleriň elýeterliligi

Straus-Kan girew bilen wagtlaýynça boşadyldy


Penşenbe güni Nýu-Ýorkuň sudy Halkara walýuta fondunyň öňki başlygy Dominik Straus-Kany 1 million dollar we 5 million dollarlyk gymmat bahaly kagyz girewi bilen wagtlaýynça türmeden boşatdy.

Straus-Kana ýörite elektron enjamy gözegçilik eder.

Nýu-Ýorkdaky myhmanhananyň hyzmatçysyny zorlamaga synanyşanlykda aýyplanýan Dominik Straus-Kan özüniň günäsizdigini aýdýar.

Penşenbe güni Straus-Kan Halkara walýuta fondunyň başlygy wezipesinden resmi taýdan çekildi.
XS
SM
MD
LG