Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kerkukdaky partlamada azyndan 20 adam öldi


Yragyň demirgazygyndaky Kerkukda penşenbe güni bolan üç partlamada 20-den gowrak adam öldi we 80 çemesi adam ýaralandy.

Şol partlamalarda polisiýa nyşana alyndy.

Polisiýa gullugynyň habaryna görä, ilkinji wakada Kerkugyň polisiýasynyň baş karargähine degişli maşyn parkynda bir ulag partladylypdyr.

Bular soňky iki aýdan gowrak döwürde Kerkukda bolan iň güýçli partlamalardyr. Kerkukda esasan, etnik türkmenler, araplar we kürtler ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG