Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýrana garşy täze sanksiýalary girizer


23-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary Eýrana garşy täze sanksiýalary yglan eder diýlip garaşylýar.

Täze gadagançylyk Tähranyň öz ýadro programmasy boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwürýändigi üçin girizilýär.

Diplomatlaryň aýtmagyna görä, Brýusselde boljak duşuşykda Eýran bilen gatnaşykdaky kärhanalaryň sanawyna giriziljek şirketler hem tassyklanmaly.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Ketrin Aşton Eýran bilen gatnaşyklarda ösüşiň ýokdugyna gynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG