Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arnold Şwarsnegger şowhun biznesine entek dolanmaz


Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň öňki häkimi Arnold Şwarsnegger maşgala kynçylyklary sebäpli şowhun biznesine dolanmagy yza süýşürdi.

Geçen hepdede 63 ýaşly aktýor we syýasatçy öz aýaly Mariýa Şriwerden aýrylyşýandygyny yglan etdi. Olaryň şeýle karara gelmeginiň sebäbi - Şwarsnegger 13 ýyl mundan öň özüniň öý hyzmatçysy bolan aýaldan bir oglunyň bolandygyny öz aýalyna gürrüň beripdir.

Şwarsnegger “Terminator” kinosynyň nobatdaky işlerini we çeper film boýunça aladalaryny-da näbelli möhlete gaýra süýşürýär.

Şwarsnegger bu çeper filmde 11 ýaşly çagany terbiýelemek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Arnold Şwarsnegger Kennediler maşgalasynyň syýasy däplerine eýerýän Mariýa Şriwer bilen 25 ýyllap bilelikde ýaşaşdy. Olaryň 4 çagasy bar.
XS
SM
MD
LG