Sepleriň elýeterliligi

Aklawçylar türk žurnalistini goramak üçin Bişkege bardylar


Türkiýeli aklawçylar Gyrgyzystanda tussag edilen türk žurnalistini goramak üçin Bişkege bardylar. Ol žurnalist terror topary bilen gatnaşykda bolanlykda aýyplanýar.

43 ýaşly Ali Omar Zor 2-nji maýda tussag edildi. Ony türk resmileri “Al-Kaýda” terror topary bilen gatnaşykda bolan bir topar bilen hyzmatdaşlykda aýyplap, ele salmak isleýärdiler. Şol topar Ýakyn Gündogarda Yslam halifatlygyny döretmek isleýär.

Düýbi Bişkekdäki “Täze din” guramasynyň metbugat wekili Sabyr Mambetowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, aklawçylar Gülen Ýylmaz we Ahmet Arslan gyrgyz paýtagtyna gelipdirler. Olar žurnalisti girew bilen boşatmagy resmi suratda haýyş edipdirler.

Düýbi Bişkekdäki ynsan hukuklary boýunça “Adalat” merkeziniň başlygynyň orunbasary Hurnisa Mahadinowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Ali Zor 9 aý mundan öň Gyrgyzystana gelipdir we häkimiýetlerden syýasy başpena sorapdyr.
XS
SM
MD
LG