Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak deputaty parlamentiň işini gowşak görýär


Gazagystanyň parlamentiniň deputaty Yrak Elekeýewiň aýtmagyna görä, korrupsiýa garşy göreşip bilmeýändigi üçin, Parlament dargadylmaly.

Ol 18-nji maýda Mejlisde eden çykyşynda: “Eger biz korrupsiýa garşy hiç zat edip bilmesek, onda geliň, dargalyň” diýdi.

Elekeýew şu aýyň başlarynda Gümrük gullugynyň birnäçe resmisiniň jenaýatda aýyplanyp, tussag edilendigini ýatlady.

“Döwletiň gaznasyndan birnäçe milliard dollar ogurlananda Parlamentiň deputatlary ýangyn söndürijiler ýaly bolmalydyr” diýip, Elekeýew nygtady.

Emma Parlamentiň öňki deputaty Ualikhan Kaýşaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Elekeýewiň bu çykyşy syýasy oýnuň bir bölegi.

Elekeýew käbirleriniň 3-nji apreldäki prezidentlik saýlawlaryndan soň Parlament tizden-tiz dargadylmaly diýen pikirini gaýtalaýar.
XS
SM
MD
LG