Sepleriň elýeterliligi

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwerlik birleşigi 20 ýaşady


Şu gün Dünýä türkmenleriniň ynsanperwerlik birleşiginiň döredilmeginiň 20-nji ýyl dönemi.

Bu sene mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin, paýtagt Aşgabada birleşigiň dünýäniň onlarça ýurtlaryndaky agzalary geldiler.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwerlik birleşegi 1991-nji ýylyň maýynda, entek Türkmenistan öz garaşsyzlygyny almankda döredilipdi.

Dünýäniň 14 ýurdunda birleşigiň 27 bölümi işleýär. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwerlik birleşeginiň prezidenti - Gurbanguly Berdimuhamedowdyr.

Şeýle-de, Türkmenistanyň prezidenti birleşigiň agzalaryna we daşary ýurtlarda ýaşaýan ähli türkmenelre gutlag bilen ýüzlendi.
XS
SM
MD
LG