Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan temmäkä garşy Konwensiýa goşuldy


Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Temmäkä garşy göreş boýunça çäklendirilen konwensiýasyna goşuldy. Bu konwensiýa 2003-nji ýylda kabul edilip, 2005-nji ýyldan güýje girizilipdi.

Dünýäniň 173 ýurduny öz içine alýan bu Konwensiýa öz agzalaryna temmäki serişdelerini mahabatlandyrmagy doly gadagan edýär, şeýle-de degişli ýurtlary bu serişdeler üçin ýokary bahalary we salgytlary bellemäge borçly edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, çilim sebäpli her ýyl dünýäde bäş milliona golaý adam ölýär. Eger-de aýgytly çäreler geçirilmese, 2030-njy ýylda bu görkezijiniň 30 milliona ýetmek howpunyň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG