Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda «Street football Daimler» futbol ýaryşy başlandy


Penşenbe güni paýtagt Aşgabatda ýaşlaryň arasynda «Street football Daimler» atly futbol ýaryşy başlandy.

Aşgabadyň çagalar üçin sport mekdeplerinden düzülen 16 sany futbol komandasynyň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýaryş Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan gurnalýar.

Bu ýaryşyň esasy maksady ukyply ýaş futbolçylary ýüze çykarmakdyr.

«Street football Daimler» ýaryşy Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan gurnalýan üçünji turnirdir. Ýaryşyň mundan ozalkylary Butanda we Gündogar Timorda gurnalypdy.

Aşgabatdaky futbol ýaryşynyň final oýny 22-nji maýda paýtagtyň “Köpetdag” stadionynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG