Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýetde esgerlere itlere niýetlenen iýmit berlipdir


Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň esgerlerine itlere niýetlenen iýmit berlipdir. Bu waka şu ýylyň başynda pullary tygşytlamak üçin edildi diýip, Orýsetiň ozalky maýory Igor Matweýew aýdýar.

Matweýew Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Wladiwostokdaky bazasynda gulluk edýärdi. Matweýewiň sözlerine salgylanyp, “Reuters” habar agentliginiň berýän maglumatyna laýyklykda, bazadaky ofiserler bu dawanyň üstüni ýapmaga synanyşypdyrlar.

Matweýewiň aýtmagyna görä, haçan-da ol Içeri işler ministrligine degişli bölümlerdäki korrupsiýa barada internetde wideo ýazgyzy ýerleşdirenden soň, buýruk bilen işinden boşadylypdyr.
XS
SM
MD
LG