Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda dissident-şahyr azatlyga goýberildi


Özbegistanda dissident-şahyr, Ýusuf Juma üç ýyl tussaglykdan soň azatlyga goýberildi.

53 ýaşly Yusuf Juma 2008-nji ýylda hökümete garşy protestler mahaly “polisiýany diňlemezlikde we polisiýanyň iki işgärine şikes ýetirmkde” aýyplanyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Ýerli we halkara adam hukuklaryny goraýjy guramalar Yusuf Jumanyň azat edilmegi üçin ýörite kampaniýalary gurnapdylar.

Daşkentde ýerleşýän “Ezgulik” atly adam hukuklary boýunça merkeziň wekili Abdurahmon Taşanowyň Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyna aýtmagyna görä, düýn Yusuf Juma öz gyzy bilen ýurdy terk edip, Birleşen Ştatlara gidipdir.

Taşanowyň bellemegine görä, Juma günä geçişlige düşüp, azatlyga çykypdyr.
XS
SM
MD
LG