Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda ABŞ-nyň konsullygynyň awtokerwenine hüjüm edildi


Suicide Attack Strikes U.S. Convoy In Peshawar
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:54 0:00


Şu gün Pakistanda Birleşen Ştatlaryň konsullygynyň awtokerwenine garşy amala aşyrylan bomba hüjüminiň jogapkärçiligni ýurduň “Talybany” öz üstüne aldy.

Peşawar şäherinde amala aşyrylan bu hüjümde Birleşen Ştatlaryň işgärlerinden hiç kime zeper ýetmedi diýlip, habar berilýär.

Ýurduň polisiýasynyň aýtmagyna görä, bu partlamada ýerli adamlardan biri ölüpdir, başga-da 10 töweregi adam ýaralanypdyr.

Peşawar şäheriniň polisiýasynyň başlygy Liakat Ali Han bu partlama barada Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna şeýle diýdi: “Partlama ýerli wagt bilen ir sagat 08:25 töwereklerinde boldy. Partlaýjy serişde ulaga ýerleşdirilipdir. Biz entek bu ulagyň partlama wagty köçäniň ýakasynda durandygyny ýa-da onuň hereket edendigini anyklamaly. Ýöne partlama ulagda boldy. Ulagda 50 kilograma golaý partlaýjy serişde ýerleşdirilipdir”.

Pakistanyň “Talybany” we beýleki söweşiji toparlary “Al-Kaýdanyň” baştutanynyň öldürilmeginiň aryny aljakdyklaryna söz beripdiler.

“Al-Kaýdanyň” öňki lideri Osama bin Laden 2-nji maýda Amerikanyň ýörite güýçleri tarapyndan Pakistanda öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG