Sepleriň elýeterliligi

Ermenistanda syýasy tussaglaryň boşadylmagyna garaşylýar


Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan ýurduň parlamentini resmi taýdan umumy günä geçişlik yglan etmäge çagyrdy.

Bu çäre netijesinde ýurduň türmelerinde oturan ermeni oppozisionerleriniň azatlyga goýberilmegine garaşylýar.

Prezident edarasynyň ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, bu günä geçişlik ýurduň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna gabatlanyp geçiriler. Bu dabara sentýabr aýynda bellenilýär.

Ermenistanda mundan iki ýyl ozal hem günä geçişlik yglan edilipdi. Şonda ýüzlerçe tussag türmeden boşadylypdy.
XS
SM
MD
LG