Sepleriň elýeterliligi

Karimowyň gyzy atasynyň diktatordygyny ret edýär


Lola Karimowa-Tyllaýewa (sagda), fransuz akýory Alain Delon (ortada) we italýan aktrisasy Monika Beluççi Pariždäki çärede, 2009-njy ýylyň 8-nji apreli.

Lola Karimowa-Tyllaýewa (sagda), fransuz akýory Alain Delon (ortada) we italýan aktrisasy Monika Beluççi Pariždäki çärede, 2009-njy ýylyň 8-nji apreli.

19-njy maýda Parižde Fransiýanyň “Rue89” atly täzelikler internet saýtynyň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy. Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň kiçi gyzy Lola Karimowa-Tyllaýewa bu saýty töhmetçilikde aýyplap, suda berdi. Lola Karimowa-Tyllaýewa “Rue89” internet saýtynyň Yslam Karimowy diktator diýip atlandyrmagyndan şikaýat edýär.

Karimowa-Tyllaýewanyň suda ýüzlenmegine bu täzelikler internet saýtynyň ony diktatoryň gyzy hökmünde häsiýetlendirip, makala çap etmegi sebäp boldy. Şol makalada onuň ynsanperwer aksiýalaryny geçirmek üçin Günbataryň meşhur şahslaryna pul tölemek usulyny ulanýanlygy we şeýdip, Günbatarda öz ýurdy barada has gowy pikir döretmäge çalyşýanlygy aýdyldy.

Karimowa-Tyllaýewa internet saýtyň çap eden maglumatynyň özüne ahlak taýdan ýetiren zyýany üçin 30 müň ýewro möçberinde kompensasiýany talap edýär.

“Rue89” atly täzelikler internet saýtynda geçen ýylyň 20-nji maýynda çap bolan bu makala “SPID -- Özbegistan içerki repressiýalary amala aşyrýarka, Kannda özüni götergileýär” diýip atlandyrylypdy. Bu makala her ýylda Fransiýanyň Kann şäherinde geçýän Film festiwalynda SPID-e garşy kino çäreleriniň öň ýanynda çap bolupdy.

Içerki repressiýalar

Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowa şol çäräniň egindeş ýolbaşçysy bolupdy.

Makalada Karimowyň gyzlary SPID-e garşy ynsanperwerlik işini alyp barýarka, Özbegistanda WIÇ/SPID barada öňüni alyjy çäreler barada maglumatlary ýaýradan aktiwistiň türmä basylanlygy habar berildi.

Aktiwist Maksim Popow Özbegistanyň sudy tarapyndan 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Suduň kararynda Popowyň çap görnüşinde ýaýradan maglumatlarynyň “Özbek jemgyýetiniň ahlak, dini, medeni binýadyna we däp-dessurlaryna garşy gelýänligi” aýdylýar.

Karimowa-Tyllaýewa Popowyň tussag edilmegine degişli wakany ret etmedi. Emma ol geçen ýylyň fewral aýynda özüniň Parižde geçiren ynsanperwerlik aksiýasyna gatnaşdyrmak üçin aktrisa Monika Beluççä 190 müň ýewro pul töländigini ret etdi.

Diktatormy ýa däl?

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow
Makalanyň awtory Augustin Skelbert çap eden maglumatlaryny delillendirmek üçin, hususan-da Karimowyň diktatordygyny subut etmek üçin, özünde ýeterlik “dokumentleriň” bardygyny aýdýar.

Skelbert Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, Pariždäki suduň çykarjak netijelerine optimistik garaýanlygyny, sebäbi Fransiýanyň metbugat azatlygyna hormat goýýan ýurtdugyny belledi.

Bu sud diňlenişigi Özbegistanyň Andijan şäherinde bolan gozgalaňlaryň häkimiýetler tarapyndan rehimsiz basylyp ýatyrylmagynyň 6-njy ýyl dönümine gabat geldi.

Özbegistanda adam hukuklaryny goramak boýunça halkara baýragy bilen sylaglanan Mutabor Tojiboýewa Pariždäki sud diňlenişigine şaýat hökmünde gatnaşdy. Tojiboýewa öz döwründe özbek häkimiýetlerine töhmet atmak we resmi bolmadyk çykyşlary gurnamak ýaly aýyplamalar sebäpli türme tussaglygyny başdan geçiripdi.

Häzir Ýewropada ýaşaýan Tojiboýewa “Rue89” internet saýtynyň Karimowyň diktatordygy barada öňe sürýän pikirini goldaýanlygyny aýtdy we köp maglumatlaryň muny tassyklaýanlygyny belledi.

Karimowyň tankytçylary “Rue89” saýtyna garşy gozgalan sud diňlenişiginiň Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi güýçlendirjegine umyt baglaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG