Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä türkmenleriniň Gumanitar bileleşigi 20 ýaşynda


Anna güni Aşgabatda dünýä türkmenleriniň Gumanitar bileleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanylyp ýörite dabara geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, döwlet we hökümet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen birlikde, käbir daşary ýurtlardaky türkmen diasporalarynyň wekilleri-de gatnaşdylar.

Käbir synçylar dünýä türkmenleriniň Gumanitar bileleşiginiň köp wagtlap ýurduň ozalky awtoritar prezidenti Saparmyrat Niýazowyň şahsyýet kultuny daşary ýurtlarda-da propogandirlemek maksady üçin ulanylyp gelnendigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.

Bileleşigiň 20 ýyllygyna bagyşlanylan geçirilen anna gününäki forum hem Türkmenistanyň häzirki prezidentiniň şahsyýeti bilen baglanyşdyrylyp, «Dünýä türkmenleri Arkadag bilen» diýen şygar astynda geçirildi.
XS
SM
MD
LG