Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda Saakaşwiliniň garşysyna demonstrasiýa geçirildi


Şenbe güni Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside oppozisiýa tarapdar müňlerçe protestçiler prezident Mihail Saakaşwiliniň wezipesinden çekilmegini talap edip, demonstrasiýa geçirdiler.

Gürjüstanyň oppozisiýa toparlary prezident Saakaşwilini awtoritar syýasat alyp barmakda aýyplaýarlar.

Gürjüstanyň «Milli Assambleýa» atly oppozision alýansy bu demonstrasiýanyň öňýany häkimiýetleriň birnäçe aktiwisti tussag edendiklerini we aktiwistlere degişli ulaglary-da konfiskasiýa ädendiklerini habar berdi.

Emma ýurduň Içeri işler ministrligi bu bildirilýän aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG