Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama Ysraýylyň premýeri Netenýahu bilen duşuşdy


Anna güni Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Ýakyn ysraýyl-palestin parahatçylyk meseleleri barada gepleşik geçirdiler.

Bu gepleşikde prezident Obamanyň Ysraýylyň 1967-nji ýyldaky köne serhetlerine tarap yza çekilmelidigi barada öňe süren teklibini premýer-ministr Benýamin Netenýahu aýgytly ýagdaýda kabul etmekden ýüz öwürdi.

Hususan-da, ol «Ham-hyýallyga esaslanýan parahatçylyk ahyrky netijede Ýakyn Gündogar hakykatynyň daşlarynda pytrap gider» diýip nygtady.

Şeýle hem, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahu Palestina bilen parahatçylygy ýola goýmakda Ysraýylyň belli bir eglişiklere gitmäge meýillidigini, emma bu meselede Birleşen Ştatlar bilen Ysraýylyň garaýyşlarynyň arasynda uly tapawutlaryň bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG