Sepleriň elýeterliligi

Siriýadaky jaýlaýyş çäresinde iki adam atylyp öldürildi


Ýerli ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler Siriýanyň Homs şäherinde anna güni öldürilen protestçilerin jaýlanyş çäresinde howpsuzlyk güýçleriniň atan okundan şenbe güni ýene azyndan iki adamyň ölendigini habar berdiler.

Şenbe güni Siriýanyň dürli regionlarynda protestçiler anna günündäki protest çykyşlarynda öldürilen aktiwistleriň jaýlanyş çärelerini gurnadylar.

Siriýanyň ynsan hukuklary boýunça Milli guramasynyň başlygy Ammar Kurabi anna güni ýurduň dürli şäherlerinde hökümete garşy gurnalan protest çykyşlarynda 44 adamyň atylyp öldürilendigini mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, ýitgileriň aglabasy ýurduň Homs şäherindäki protestlerde bolupdyr.

Siriýada mart aýynda prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protest çykyşlarynyň başlanaly bäri 800-den gowrak adam öldi diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG