Sepleriň elýeterliligi

Türkmen dissidentiniň ogly Türkmenistana deportasiýa edildi


Anna güni türkmenistanly belli dissident-žurnalist Muhammetgeldi Berdiýewiň ogly Keýmir Berdiýewi Şwesiýanyň häkimiýetleri Türkmenistana deportasiýa etdiler.

Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir guramalar, şol sanda, halkara “Human Rights Watch” guramasy-da Türkmenistanda syýasy dissidentleriň maşgala agzalaryny yzarlamak syýasatynyň henizem dowam edýändigini aýdyp, Keýmir Berdiýewiň hem ykbalyna alada bildirýärler.

Keýmir Berdiýewiň inisi, häzirki wagt Gollandiýada immigrasiýada ýaşaýan syýasy aktiwist Şanazar Berdiýew hem oz agasy, 32 ýaşly Keýmir Berdiýewiň Şwesiýadan Türkmenistana deportasiýa edilmegine alada bildirip, öz agasynyň edil häzir Türkmenistanda nähili ýagdaýdadygyndan habarynyň ýokdugyny aýtdy.

Şeýle hem, ol häzir Türkmenistanda özleriniň ýakyn garyndaşlarynyň hem ýokdugyny we öz agasyna ýaşar ýaly jaýyň hem ýokdugyny mälim etdi.

1999-njy ýylda Türkmenistandan çykyp gaýdan Keýmir Berdiýew 10 ýyllap Orsýetde hiç hili durumsyz ýaşap, 2009-njy ýylyň ahyrynda Şwesiýa gaçyp atypdy.

Şwesiýanyň häkimiýetleri onuň Şwesiýadan syýasy bosgunlyk statusyny almagy üçin esasyň ýokdugyny aýdyp, ony Türkmenistana deportasiýa etdiler.
XS
SM
MD
LG