Sepleriň elýeterliligi

Türkmen bolup ýaşaryn men dünýäde!


Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.

Asman göz güldürýär gujagyn gerip,
Aýagyňy ýerden üzmän, pikir et:
Bir dem oýlan, elbet, beýigi görüp,
Ýöne pesi görüp, bir dem şükür et.

Müşgül işdir öňe ynamly basmak,
Isle dagda ýaşa, isle-de çölde:
Ýöne gadagan däl hiç kese ösmek,
Beýiklerden alyp beýik görelde.

Görünse bor, il egnine basman-da,
Ile pitjiň atman, der döküp diňe.
Günüň nury hemmä deňdir asmanda,
Ýagşy umytda bol senem geljegňe.

Inkär edip diliň, ata-babaňy,
Inkär edip, öz-özüňe zarlygyň:
Bildirmersiň bu dünýäde bahaňy,
Bildirmersiň bu dünýäde barlygyň.

Elbetde, dünýäde beýik daglar kän,
Dag dek beýik milletem kän, elbetde!
Goşulyp bilersiň, etseň ile jan,
Ýer bererler bir gyradan, bir çetde.

Ýöne niçik bolar öz köküň gyrmak,
Öz-özüňe şübhe edip hem güman:
Kesekiniň aýdymyna gygyrmak,
Kesekiň sapynda bolmak gury san?!

Iliň melleginden ir-iýmiş ýolup,
Bilip goý, sen baky oýnap-gülmersiň.
Aňsat taýyn aşyň eýesi bolup,
Bu dünýäni geň galdyryp bilmersiň.

Özüm bolup aglap-gülüp bilýärkäm,
Men neçün özümi etmeli inkär?
Öz ilimi has beýgeldip bilýärkäm,
Men nämüçin göz dikmeli iliňkä?!

Beýik işler – beýiklere ýaraşar,
Bagt dälmidir mäkäm guşap biliňi:
Ömrüň bilen öz ýurduňy beýgeltmek,
Ömrüň bilen beýgeltmek öz iliňi?!

Şonuň üçin, müň ýygylsa bahana,
Men tüssä ýöremen, ýörärin oda.
Türkmen bolup indimmi bu jahana,
Türkmen bolup ýaşaryn men dünýäde!

Ak Welsapar Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG