Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrakdaky operasiýa mahalynda iki amerikan esgeri öldi


Birleşen Ştatlaryň goşuny merkezi Yrakda şenbe güni iki esgeriniň öldürilendigini yglan etdi. Goşunyň beýanatynda ol esgerleriň merkezi Yrakdaky operasiýa mahalynda wepat bolandygy aýdylýar.

Yragyň Içeri işler ministrliginiň bir resmisi ol iki esgeriň paýtagtyň daş ýüzünde bolan bomba partlamasynyň pidasy bolandygyny aýtdy.

Apreliň 29-yndan bäri Yrakda amerikan harbylarynyň hiç biri ölmändi.

Bu iki esgeriň ölümi 2003-nji ýylda Saddam Hüseýni agdarmak üçin başlanan uruşdan bäri ölen amerikan esgerleriniň sanyny 4,454-e ýetirdi.
XS
SM
MD
LG