Sepleriň elýeterliligi

Saleh ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrýar


Ýemeniň prezidenti Ali Abdulla Saleh protestçileriň tas 33 ýyllyk dolandyryşyny bes etmek baradaky talaplaryny ýerine ýetirip, ýurduň syýasy krizisini soňlamak ylalaşygyna gol çekmekden ýene-de boýun gaçyrdy.

Saleh ýekşenbe güni soňky minutda Aýlak arap ýurtlary we ABŞ tarapyndan goldanýan şertnama gol çekmekden boýun gaçyrdy. Bu şertnama oňa 30 gün içinde işden çekilse sud jogapkärçiligine çekilmezlik kepilligini berýärdi.

Döwlet telewideniýesi onuň şertnama diňe şenbe güni gol çeken oppozisiýa liderleriniň gatnaşmagynda gol çekjegini aýtdy.

Bu Salehiň Ýemende gozgalaňy soňlamaga niýetlenen şertnama gol çekmeden üçünji gezek ýüz öwrüşidir. Bu gozgalaňda howpsuzlyk güýçleriniň 170-den gowrak adamy öldürendigi aýdylýar.

Salehiň ylalaşyk şertnamasyna gol çekmekden ýüz döndermegine jogap edip, Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşi kadaly şertleriň ýokdugy üçin ýemen krizisine araçylyk etmegini togtadýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG