Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: ABŞ Bin Laden reýdini gaýtalap biler


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama BBC bilen söhbetdeşlikde, eger ABŞ ol ýerde ýene-de bir ýakasy gaýyşly jeňçi tapsa, özüniň Pakistana duýdansyz kürsäp girmegi ýene tassyklap biljegini aýtdy.

Ol Pakistanda ýa başga bir özbaşdak territoriýada “Al-Kaýdanyň” ýokary ýolbaşçylarynyň biri ýa “Talybanyň” lideri Molla Omaryň ýerleşýän ýeri yzlanyp tapylsa näme edersiň diýen soraga ABŞ, eger zerur bolsa, bir taraply hereket eder diýdi.

Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardariniň sözçüsi Obamanyň bu sözlerine jogap edip, «Biz bir taraply hereketlerden gaýra çekilmeli we terrorizme garşy göreşde hyzmatdaşlyga eýermeli» diýdi.
XS
SM
MD
LG