Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy


Gürjüstanyň hökümete garşy protestçileri ýekşenbe güni polisiýa bilen çaknyşdy. Bu waka demonstrasiýaçylar polisiýanyň ulagyna hüjüm edenlerinden soň boldy. Polisiýa olara garşy rezin oklary atyp, göz ýaşardyjy gazlary ulandy.

Müňlerçe oppozisiýa protestçisi köçelere çykyp, prezident Mihail Saakaşwiliniň işden çekilmegine çagyrdy. Bu Gürjüstanda 2009-njy ýyldan bäri hökümte garşy geçirilen iň uly demonstrasiýa boldy.

Oppozisiýa liderleri polisiýanyň maşynyna hüjümiň protest liderleriniň biriniň tussag ediljek bolunmagyna garşylyk bolandygyny aýdýarlar. Oppozisiýa lideri Nino Buržanadze Azatlyk Radiosyna zorlugy özleriniň başlamandygyny aýtdy.

“Biz diňe özümizi goraýardyk. Zorlugy biz başlamadyk, zorlugy Gürjüstanyň hökümeti başlady. Biz diňe özümizi goraýardyk, bu bize, köp konstitusiýalarda bolşy ýaly, konstitusiýa tarapyndan berlen hukuk” diýip, Buržanadze aýtdy.
XS
SM
MD
LG