Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ispaniýanyň dolandyryjy partiýasy saýlawlardan gowy netijä garaşmaýar


Ispaniýanyň dolandyryjy Sosialist partiýasy ýerli hem regional saýlawlardaky ses berişlikden gowy netijä garaşmaýandygyny aýtdy.

Sosialist partiýasynyň uly resmisi Ýelena Walensiano ýekşenbe güni, saýlawlar ýapylandan soň çykyp gürläp, saýlaw netijelerini ýurduň ykdysady kynçylyklary bilen baglanyşdyrdy.

Ol «ilkinji netijeler munuň Sosialist partiýasy üçin gowy gije bolmajagyny görkezdi» diýdi.

Ispaniýada ýekşenbe güni hem protestler dowam etdi. On müňlerçe ispaniýaly 15-nji maýdan bäri köçelere çykyp, ýokary derejedäki işsizlige we tygşytlylyk çärelerine garşy protest bildirýär.
XS
SM
MD
LG