Sepleriň elýeterliligi

BMG sudan goşunyny Abieý pozisiýalaryndan çykmaga çagyrýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Demirgazyk Sudanyň goşunyny dawaly Abiýeý sebitinde eýelän pozisiýalaryndan çekilmäge çagyrdy.

Şeýle-de Howpsuzlyk geňeşi Günorta Sudanyň güýçleriniň dördünji gün Abiýeýde BMG-niň konwoýyna hüjüm etmegini ýazgardy.

Bu sebitdäki zorluk soňky günlerde, Günorta Sudanyň 9-njy iýulda garaşsyz bolmaga taýýarlanmagy netijesinde möwjedi.

Günorta Sudanyň saýlawçylarynyň aglaba köplügi ýanwarda bolan ses berişlikde garaşsyzlygy goldady. Ýöne entek Abiýeýiň soňky durumy kesgitlenenok we oňa taraplaryň ikisi-de eýe çykýar.
XS
SM
MD
LG