Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Müsür protestçileriniň öldürileni üçin ilkinji ölüm jezasy


Kair sudy gyrakladylan prezident Hosni Mubaregiň garşysyna bolan halk gozgalaňy wagtynda öldürilen protestçiler bilen baglylykda ilkinji ölüm jezasyny berdi.

Ofiser Muhammed Mahmud gaýybana sud edildi.

Kiçi derejeli polisiýa ofiseri çem gelen ýere tüpeň atyp, azyndan 20 protestçini öldürmekde we bir topar adamy ýaralmakda günäli tapyldy.

Hökümet hasaplamalaryna görä, 18 günlük gozgalaň wagtynda azyndan 846 protestçi öldürildi.
XS
SM
MD
LG